“Buker” baýragynyň resmi saýty bu baýraga dalaşgärleriň uzyn sanawyny mälim etdi. Dalaşgärleriň sanawyna Angliýadan, ABŞ-dan, Irlandiýadan we Hindistandan iňlis dilinde ýazýan 13 awtor girizilipdir.
2017-nji ýyl üçin baýragyň dalaşgärleri: Pol Oster (“4 3 2 1”), Jorj Sonders (“Lincoln in the Bardo”), Emili Fridlund (“History of Wolves”), Ali Smit (“Autumn”), Zedi Smit (“Swing Time”), Fiona Mozli (“Elmet”), Jon MkGregor (“Reservoir 13”), Mohsin Hamid (“Exit West”), Kamila Şamzi (“Home Fire”), Sebastýan Barri (“Days Without End”), Maýk MkKormak (“Solar Bones”), Arundati Roý (“The Ministry Of Utmost Happiness”), Kolson Waýthed (“The Underground Railroad”).
Alty dalaşgärden ybarat gysga sanaw 13-nji sentýabrda belli bolar. Ýeňijiniň ady bolsa, 17-nji oktýabrda geçiriljek dabarada mälim ediler. Geçen ýyl amerikaly Pol Bitti “Satuw” atly romany bilen “Buker”-iň eýesi boldy. 2015-nji ýylda bu baýraga “Ýedi jenaýatyň gysga taryhy” atly eseri üçin ýamaýkaly Marlon Jeýms mynasyp bolupdy. 2014-nji ýylda Riçard Flenagan “Uzak demirgazyga dar ýol” romany üçin, 2013-nji ýylda bolsa, ýaş ýazyjy Eleanor Katton “Şamçyrag” atly romany üçin bu baýraga eýe bolupdy.