Ame­ri­kan ýa­zy­jy ze­na­ny Har­per Li­niň “Bil­bi­liň öl­dü­ril­me­gi” ese­ri gra­fik no­wel­la­lar gör­nü­şin­de ne­şir edi­ler. Şe­kil­ler bi­len be­ze­len ki­ta­byň çyk­ma­gy­na in­di­ki ýy­lyň no­ýab­ryn­da ga­ra­şyl­ýar. Ki­tap “Har­perCol­lins” ne­şir­ýa­ty ta­ra­pyn­dan çap edi­ler. Ese­riň su­rat iş­le­ri bri­tan ill­ýust­rato­ry Fred Ford­hem ta­ra­pyn­dan ber­jaý edi­lip, has-da ýe­ňil­leş­di­ri­ler. Ol mun­dan ozal Fi­lip Pul­ma­nyň “Job Bleý­kiň baş­dan ge­çi­ren­le­ri” ro­ma­ny­nyň gra­fik gör­nü­şi­ni ýerine ýetiripdi.
Har­per Li ge­çen ýyl 89 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çy­kyp, tä şoňa çenli öz ki­ta­by­nyň al­ter­na­tiw gör­nü­şi­niň çyk­ma­gy­na kes-kel­läm gar­şy çy­kyp­dy. Ol di­ňe 2014-nji ýyl­da “Bil­bi­liň öl­dü­ril­me­gi­niň” elekt­ron gör­nü­şi­niň çyk­ma­gy­na ra­zy­ly­gy­ny ber­di. Ol öl­me­zi­niň öňü­sy­ra­syn­da “Bil­bil­den” kän ozal ýa­zy­lan ýa-da onuň ir­ki ni­ýet­le­ri­ne esas­lan­ýan “Git­de, ga­ra­wu­ly bel­le” at­ly ikin­ji ro­ma­ny­ny çap et­mä­ge yg­ty­ýar be­rip, bü­tin dün­ýä­ni haý­ra­na goý­dy.
“Bil­bi­liň öl­dü­ril­me­gi” ro­ma­ny 1959-njy ýyl­da ta­mam­la­nyp, 1960-njy ýyl­da hem il­kin­ji ge­zek ne­şir edil­di. Ki­tap ak­ly­ňy haý­ran ed­ýän üs­tün­lik ga­za­nyp, Har­pe­riň özi üçin hem ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý bol­dy. Ol iň köp sa­ty­lan ki­tap­la­ryň bi­ri bo­lup, 1961-nji ýyl­da Pu­lit­ser baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy we ame­ri­kan ede­bi­ýa­ty­nyň meş­hur eser­le­ri­niň sa­na­wy­na gir­di. Ge­çen ýy­lyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ro­ma­nyň ti­ra­žy­nyň umu­my muk­da­ry 40 mil­li­on nus­ga­dan ge­çip­dir.