Gör­nük­li ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Reý Bred­be­ri­niň “Fa­ran­geýt bo­ýun­ça 451 de­re­je” at­ly yl­my-fan­tas­tik ro­ma­ny öz­bo­luş­ly eser­le­riň bi­ri­dir. Bu ese­riň esa­syn­da film, sah­na oý­ny, ope­ra we hat­da komp­ýu­ter oý­ny hem dö­re­dil­di. Mil­li­on­lar­ça ada­my özü­ne ýe­sir eden bu eser dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň gen­ji-ha­zy­na­syn­da my­na­syp orun eýe­le­ýär.
Ha­ky­kat­dan hem, yl­my-fan­tas­tik eser­ler köp­den bä­ri açyş­la­ryň jar­çy­sy hök­mün­de özü­ni ta­nat­dy. Bu žan­ryň us­sat­la­ry­ny ýat­la­lyň: Žýul Wern “Ýe­ras­ty gä­mi­le­riň ata­sy”, Ger­bert Uells we L.Ro­na Hab­bard ki­çi­jik sim­siz wi­deo ka­me­ra­la­ryň, ýo­ka­ry du­ru­lyk­ly öý­jük­li ka­me­ra­la­ryň, kos­mos en­jam­la­ry­nyň dö­re­dil­jek­di­gi­ni 20-30 ýyl öňün­den ha­bar be­rip­di­ler.
Ýa­zy­jy­nyň hy­ýal­la­ry­nyň dur­muş­da ama­la aş­ma­gy nuk­daý­na­za­ryn­dan “Fa­ran­geýt bo­ýun­ça 451 de­re­je” hem aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Reý Bred­be­ri bu ese­rin­de bir­gi­den in­že­ner-teh­ni­ki en­jam­la­ryň peý­da bol­jak­dy­gy­ny öňün­den mä­lim ed­ýär. Ol 80-nji ýyl­lar­da peý­da bo­lan çak­laň­ja ra­dio en­jam­la­ryň, gu­lak­lyk­la­ryň, 60-njy ýyl­lar­da ula­ny­şa gi­ri­zi­len reňk­li te­le­wi­zor­la­ryň, hä­zir­ki ýüz­ýyl­ly­gyň ba­şyn­da peý­da bo­lan 3D şe­kil­li te­le­wi­zor­la­ryň, şeý­le hem öz pul se­riş­de­le­ri­ňe gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün ed­ýän hä­zir­ki za­man ban­ko­mat­la­ry­nyň bol­jak­dy­gy­ny öňün­den duý­du­ryp­dy. Bred­be­ri­ni ha­ky­kat­dan hem meş­hur­ly­ga eýe eden “Fa­ran­geýt bo­ýun­ça 451 de­re­je” ro­ma­ny­ny iň bir we­li­lik bi­len ýa­zy­lan eser­le­riň bi­ri di­ýip ha­sap­lap bo­lar.