Ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Jorj Mar­tin özü­niň Wes­to­ros yk­ly­my ba­ra­da­ky ki­ta­by­nyň 2018-nji ýyl­da ne­şir edil­jek­di­gi­ne söz ber­di. Onuň “Buz­uň we alawyň aý­dy­my” at­ly köp jiltli ro­ma­ny­nyň esa­sy wa­ka­la­ry ady ag­za­lan yk­ly­ma ba­gyş­lan­ýar. Ýa­zy­jy hä­zir­ki wagt­da tä­ze ki­ta­by­nyň üs­tün­de iş­le­ýän­di­gi­ni we bu ugur­da be­ýik­li pes­li ýol­la­ry geç­ýän­di­gi­ni gür­rüň ber­ýär. Mar­tin “Buz­uň we alawyň aý­dy­my­nyň” al­tyn­jy ro­ma­ny­nyň ýa-da “Alaw we gan” ese­ri­niň bi­rin­ji jil­di­niň oky­jy­la­ra haý­sy wagt­da go­wuş­jak­dy­gy­ny mä­lim et­me­di. “Buzuň we alaw­yň aý­dy­my” esa­syn­da “Tagt oýun­la­ry” at­ly te­le­se­ri­al dö­re­dil­ip, ol bütin dünýäde millionlarça adamyň uly söýgüsini gazandy.