ABŞ-nyň Te­has şta­tyn­da­ky “He­ri­ta­ge Auctions” mu­ze­ýin­de ge­çi­ri­len auk­si­on­da ki­no sun­ga­ty­nyň ta­ry­hy, uly iliň söý­gü­si­ni ga­za­nan “Ka­sab­lan­ka” (Casab­lanca) fil­mi­niň afi­şa­sy gym­mat ba­ha sa­tyl­dy. Nus­ga­wy film­le­riň öň­de­ba­ry­jy­la­ryn­dan diý­lip gör­ke­zil­ýän bu ki­no­nyň şol döwürler Ita­li­ýa­da pro­ka­ta çy­kar­mak­lyk üçin taý­ýar­la­nan 2 müň afi­şa­syn­dan ga­lan ýe­ke-täk nus­ga­sy­nyň ba­ha­sy 478 müň dol­la­ra deň bol­dy. 139–198 san­ti­metr öl­çeg­le­rin­dä­ki bu afi­şa­ny ki­miň sa­tyn alan­dy­gy aý­dyl­ma­dy. 1942-nji ýyl­da Maýkl Kur­ti­siň re­žiss­ýor­lyk eden ki­no­syn­da baş keşp­leri Hamf­reý Bo­gart bi­len Ing­rid Berg­man jan­lan­dy­ryp­dy. Iň go­wy film, re­žiss­ýor we adap­tir­le­nen sse­na­riý ugur­la­ryn­dan Os­kar alan ki­no Ita­li­ýa­da 2-nji Ja­han ur­şy se­bäp­li 4 ýyl soň ek­ran­la­ra çy­ka­ry­lyp­dy. Şon­da fil­mi ön­dü­ri­ji “War­ner Bros.” şe­re­ke­ti be­zeg­çi Lui­ji Mar­ti­na­ta tä­ze afi­şa taý­ýar­la­ma­gy buý­rup­dy.