“5-nji ele­ment” (The Fifth Ele­ment) hem-de “El­henç­lik­le­riň mes­ge­ni” (Re­si­dent Evil) film­le­ri bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan akt­ri­sa Mi­la Ýo­wo­wi­çiň su­ra­ta düş­jek in­di­ki ki­no­sy bel­li bol­dy. Uk­rai­na­ly akt­ri­sa “Hell­boy: Ri­se of the Blood” fil­min­de ot­ri­sa­tel keşp­de çy­kyş eder. Ne­il Mar­şal­lyň re­žiss­ýor­ly­­gyn­daky ki­no­nyň sse­na­ri­si­ni Endr­ýuw Kos­bi bi­len Kris­to­fer Gol­den ýa­zar. Bu ek­ran ese­rin­de Iýn Mak­Şeýn hem su­ra­ta dü­şer. “Hell­boy” film­le­ri­niň 1–2-nji ki­no­la­ry 2004-nji we 2008-nji ýyl­lar­da Gil­ler­mo del To­ro ta­ra­pyn­dan ek­ran­laş­dy­ry­lyp­dy we köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nyp­dy. Tä­ze “Hell­boy” fil­mi­niň pro­kat­la­ra ýaý­ra­dyl­jak wag­ty anyk bol­man, ony 2018-nji ýy­lyň aýa­gy­na ýa-da 2019-njy ýy­lyň baş­la­ry­na to­ma­şa­çy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­tir­mek­lik me­ýil­leş­di­ril­ýär.