Şwe­si­ýa­nyň me­bel we öý dok­ma önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän IKEA kom­pa­ni­ýa­sy we­lo­si­ped önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Kom­pa­ni­ýa öz tä­ze önü­mi­niň su­ra­ty­ny hem ýaý­rat­dy. “Slad­da” at­ly we­lo­si­ped zyn­jyr­syz bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ony he­re­ke­te ge­tir­mek üçin zyn­jy­ryň de­re­gi­ne hyr­ly ga­ýyş­dan peý­da­la­ny­lar. Yz­ky ti­grin­dä­ki tiz­lik ge­çi­ri­ji­si oňa edil­me­li teh­ni­ki ide­gi azal­dar. Ulag 15 müň ki­lo­met­re çen­li bök­denç­siz he­re­ket eder. We­lo­si­pe­diň 26 hem-de 28 dýuým­lyk ti­gir­li gör­nüş­le­ri bo­lar. Ol 12 ýa­şyn­dan ge­çen äh­li adam­la­ra ni­ýet­le­ner. Aw­gust­dan baş­lap, IKEA söw­da no­kat­la­ryn­da peý­da bol­jak we­lo­si­ped üçin 699 ýew­ro nyrh ke­si­len­di­gi aý­dyl­ýar. Is­leg bil­dir­ýän­ler onuň tirkegini hem sa­tyn alyp bi­ler­ler.