“For­bes” žur­na­lyn­yň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, ge­çen ýyl bri­tan ýa­zy­jy­sy Jo­an Rou­ling 95 mil­li­on dol­lar ga­za­nyp­dyr. Aw­to­ryň reý­tin­giň ba­şy­ny çek­me­gi­ne onuň Lon­don­da sah­na­laş­dy­ry­lan “Gar­ri Pot­ter we nä­let­le­nen ça­ga­lar” pýe­sa­sy we onuň ki­tap­la­ry esa­syn­da hy­ýa­ly mah­luk­la­ryň ýa­şa­ýan ýe­ri ba­ra­da­ky tä­ze ki­not­ri­lo­gi­ýa­nyň çyk­ma­gy, şeý­le hem Flo­ri­dada, Ka­li­for­ni­ýada we Ýa­po­ni­ýa­da açy­lan to­ma­şa se­ýil­gäh­le­rin­den gel­ýän gir­de­jileri se­bäp bol­dy. Şeý­le­lik­de, ýa­zy­jy­nyň maýasy şu gün­ki gün­de 650 mil­li­on dol­lar diý­lip kes­git­le­nil­ýär. Onuň ja­dy­göý og­lan­jyk ba­ra­da­ky ki­tap­la­ry dün­ýä­de 450 mil­li­on nus­ga bi­len ne­şir edil­di.
70 ýaş­ly ame­ri­kan de­tek­tiw­çi­si Jeýms Pat­ter­son 87 mil­li­on dol­lar ga­zan­jy bi­len ikin­ji or­ny eýeledi. Onuň eser­le­ri esa­syn­da “Ölü­mi der­ňe­mede ze­nan­lar klu­by” se­ri­aly ek­ran­laş­dy­ryl­dy.
“Gow­şak ada­myň gün­de­li­gi” at­ly köp jilt­li ki­ta­byň aw­to­ry, ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy we su­rat­ke­şi Jeff Kin­ni üçün­ji or­na düş­di. Onuň ha­sa­byn­da 21 mil­li­on dol­lar bar.
Dör­dün­ji or­na bol­sa, 20 mil­li­on dol­lary bi­len “Da Win­çi­niň ko­du­nyň” aw­to­ry Den Bra­un düş­di.
Eserleri esasynda ek­ran­laş­dy­ry­lan fil­mi ýa­ňy pro­ka­ta çy­kan Sti­wen King bol­sa, 15 mil­li­on dol­la­ry bi­len bä­şin­ji or­na düş­di.
Bula­ryň yz ýa­nyn­dan Jon Gri­şem (14 mil­li­on), No­ra Ro­berts (14 mil­li­on), bri­ta­ni­ýa­ly ýa­zy­jy ze­nan Po­la Ho­kins (13 mil­li­on), E.L.Jeýms (11,5 mil­li­on), Da­ni­el Stil (11 mil­li­on) we Rik Ri­or­dan (11 mil­li­on) da­gy gel­ýär.