“Pu­lit­ser” baý­ra­gy­nyň gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti­niň tä­ze baş­ly­gy “The New York Ti­mes” ga­ze­ti­niň ozal­ky baş re­dak­to­ry Da­na Ka­ne­di bol­dy. Bil­şi­miz ýa­ly, “Pu­lit­ser” baý­ra­gy dün­ýä­niň iň ab­raý­ly žur­na­lis­ti­ka baý­ra­gy­dyr. Go­laý­da Da­na Ka­ne­di 70 ýaş­ly Maýkl Praý­dyň ýe­ri­ne bu we­zi­pä bel­len­ildi.
“Pu­lit­ser” baý­ra­gy bo­ýun­ça Ge­ňe­şiň wekili Sab­ri­na Li “Il­kin­ji ge­zek “Pu­lit­ser” baý­ra­gy­nyň gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne af­roame­ri­kan ze­na­ny bel­len­di” di­ýip ha­bar ber­di. Ka­ne­di­niň özi 2001-nji ýyl­da “Pu­lit­ser” baý­ra­gy­na eýe bo­lup­dy. Baý­rak bo­ýun­ça Ge­ňe­şiň baş­ly­gy Jin Ro­bin­so­nyň söz­le­ri­ne gö­rä, “Žur­na­list ze­nan gu­jur­ly, tej­ri­bä baý we dur­nuk­ly hä­si­ýe­te eýe. Bu bol­sa, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa geç­ýän şert­le­rin­de has-da mö­hüm­dir”.
“Pu­lit­ser”-iň ozal­ky baş­ly­gy “Concord Mo­ni­tor” ga­ze­ti­niň re­dak­to­ry Maýkl Praýd bol­sa, hor­mat­ly dynç alşa çyk­ýar. Da­na Kanediniň işi­ne baý­ra­ga da­laş­gär­le­riň eser­le­ri­ni dyk­gat­ly saý­la­mak, her ýyl­ky da­laş­gär­le­ri da­ba­ra­ly sy­lag­la­mak dä­bi­ni ge­çir­mek, emin ag­za­la­ry­nyň ge­ňeş­li­gi­ni düz­mek, baý­ra­gyň eýe­si­ni saý­la­mak mak­sa­dy bi­len ge­ňeş­li­giň mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mek ýa­ly bir­gi­den we­zi­pe­ler gir­ýär.