Türk­me­niň uçar ga­na­ty ha­sap­lan­ýan at ga­dy­my wagt­lar­dan bä­ri ada­myň iň ýa­kyn dos­ty bo­lup­dyr. Se­bä­bi at ada­ma iň köp peý­da ge­tir­ýän, oňa hyz­mat ed­ýän iň akyl­ly we ukyp­ly jan­dar­dyr. Şeý­le hem eýe­si­ne diý­seň we­pa­ly bol­ýar. Mün­mek, çap­mak üçin ýa-da iş ma­ly hök­mün­de ula­nyl­ýan atyň ýa­ba­ny gör­nüş­le­ri hem bol­ýar. Ame­ri­ka­nyň düz­lük­le­rin­de “Mus­tang” we Al­taý dag­la­ry­nyň etek­le­rin­de “Prže­wals­kiý” at­la­ry bar. Ýabany at­la­ra Mon­go­li­ýa­da, Ga­za­gys­tan­da we Awst­ra­li­ýa­da hem duş gel­mek bol­ýar. Dün­ýä­de meş­hur­lyk ga­za­nan at­la­ryň ara­syn­da ahalte­ke be­dew­le­ri bi­len bir ha­tar­da, arap we iň­lis at­la­ry hem bar. Şeý­le hem atyň po­ni at­ly ki­çi gör­nü­şi bar. Ol şeý­le bir ki­çi we­lin, ulu­rak go­ýun çe­me­si bol­ýar. Bu at­lar de­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ýa­şa­ýar. Ol at­la­ry ýe­ras­ty mag­dan­lar­da peý­da­la­nyp­dyr­lar. Hä­zir­ki wagt­da ça­ga­la­ry mün­dür­mek we ýe­ňi­lräk ara­ba­la­ra goş­mak üçin peý­da­la­nyl­ýar.
At­lar or­ta­ça, 25-30 ýyl ýa­şa­ýar­lar. Hä­zi­re çen­li iň köp ýa­şan at “Old Bil­li” at­ly iň­lis aty bo­lup, ol 62 ýyl ýa­şap­dyr. Dün­ýä­de atyň 350 tö­we­re­gi gör­nü­şi bar. Bu jan­dar­la­ryň eşi­diş uky­by ada­myň­ky­dan ýo­ka­ry bol­ýar, şol se­bäp­li olar has duý­gur bol­ýar­lar. Olar öz eýe­si­niň ýa-da ça­pyk­su­wa­ry­nyň duý­gu­la­ry­ny ba­da-bat du­ýup bil­ýär­ler. Köp wagt­lap gat­naw se­riş­de­si we ýük da­şa­mak üçin ula­ny­lan at­lar hä­zir­ki wagt­da bu mak­sat bi­len o di­ýen köp ula­nyl­ma­ýar. Öz er­ki­ne goý­be­ri­len at­la­ryň wag­tyň geç­me­gi bi­len ýa­ba­ny­la­şyp gid­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da at bi­len bag­ly spor­tuň hem dür­li gör­nüş­le­ri bar. Bel­le­me­li zat, baş­ga hiç bir jan­dar sport mak­sa­dy bi­len peý­da­la­nyl­ma­ýar.