“Giňdir dünýä, geňdir dünýä” diýlişi ýaly, Ýer ýüzüniň dürli ýerlerinde täsin tebigy hadysalar bar. Filippinlerdäki ada bolsa, ýerleşýän ýeri babatda üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Filippinler günorta-gündogar Aziýada, Ýuwaş ummanynda jemi 7000-den gowrak adadan ybarat ýurtdur. Ýurduň demirgazygyndaky Luzon adasyndaky Batangas welaýatyndaky köl görenleri haýran galdyrýar. Bu ýerdäki Taal köli bar. Ol ýurtda ululygy boýunça Laguna de Baý we Lanao köllerinden soňra üçünji ýerde durýar. Kölüň ortasynda Taal adasy bar. Oňa Taal wulkany hem diýýärler. Onuň ortasynda bolsa, köl bar. Bu kölüň ortasynda-da Wulkan nokady (“Vulcan Point”) atly adajyk bar. Bu täsin tebigy künjegi görmek üçin her ýylda dünýäniň dürli ýerlerinden müňlerçe adam adalar ülkesine gidýär. Ýurduň paýtagty Manila golaý bolan bu künjek dünýäde iň köp surata alynýan ýerleriň biri hasaplanýar.