Alym­lar soň­ky 100 ýy­lyň do­wa­myn­da il­kin­ji ge­zek tu­tuş dün­ýäde gap­laň­la­ryň sa­ny­nyň ar­tan­dy­gy­ny ha­bar ber­di­ler. Dün­ýä döw­let­le­ri­niň hem-de te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça iş alyp bar­ýan gu­ra­ma­la­ryň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, bu haý­wa­nyň 3890-dan gow­ra­gy ha­sa­ba alyn­dy. 2010-njy ýyl­da ola­ryň sa­ny 3200-e ba­ra­bar­dy. Ola­ryň ag­ram­ly bö­le­gi Hin­dis­tan­da ýa­şa­ýar. Bu ýurt­da­ky gap­laň­la­ryň sa­ny 2226-a deň­dir.
Rus­si­ýa­da 433, In­do­ne­zi­ýa­da 371, Ma­laý­zi­ýa­da 250, Ne­pal­da 198, Tai­land­da 189, Bang­la­deş­de 106, Bu­tan­da 103, Hy­taý­da 7, Wýet­nam­da 5, La­os­da 2 gap­laň bar. Mýan­ma­da­ky mag­lu­mat­la­ryň kö­ne­di­gi se­bäp­li olar ha­sa­ba alyn­ma­dy. Hü­när­men­le­riň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, bu ýurt­da ýa­ba­ny pi­şik­le­riň 85 sa­ny­sy ýa­şa­ýar. Ha­sa­bat döw­rün­de Rus­si­ýa­da, Hin­dis­tan­da, Bu­tan­da we Ne­pal­da gap­laň­la­ryň sa­ny kö­pel­di.