Her bir halkyň ýüzi, onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwünhoşy, ýowly günde baş ýoldaşy, halk zehininiň mähekdaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri bilen meşgullanýan gyzyldan gymmatly wagtynyň arasyndan wagt tapyp, behişdi bedewlerimiz barada kitaplar ýazýar. Hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerimize bagyşlap ýazan «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ylmy kitabynyň çap edilip, halkymyza ýetirilmegi türkmen halkymyza, esasan, atçylyk bilen gyzyklanýan ahalteke bedewlerimiziň janköýerlerine uly sowgat boldy. Hormatly Prezidentimiziň fundamental işi atçylygyň taryhy bilen bagly gymmatly maglumatlary özünde jemleýär.
Gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk türkmen atlarynyň waspy halk döredijiliginde, «Görogly» eposynda, Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi, Mollanepes, Annagylyç Mätäji we Magrupy ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde öz beýanyny tapdy.
«Gorkut ata» kitabynda Gorkut ata özüniň atçylyga degişli parasatly sözlerinde «Ata namart ýigit münüp bilmez, münenden münmedigi ýeg» diýýär. Bedew atyň çeper keşbi «Görogly» eposynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Gyrat Göroglynyň soňky demine çenli wepaly ýoldaşy, ömürlik hemrasy bolýar. Ol ynsana wepalylygyň baş nusgasyny görkezýär.
Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň lirikasynda wepadarlyk, gaýduwsyzlyk, watançylyk barada gürrüň edilende, ata uly orun berilýändigi bellärliklidir. Magtymguly Pyragy: «At gazanan goç ýigidiň, owal bedew aty gerek» diýip, öz goşgy setirlerinde ýigidiň abraý gazansa-da, bedew atsyz hiç kim boljakdygyny belläp geçýär.
Atyň owadanlygy, uz ýöreýşi, edim-gylymy gelin-gyzlara mahsus bolan häsiýetler bilen deňelýär. Muňa mysal edip, Annagylyç Mätäjiniň «Bedew» şygryndan:
Pelläge barsaň, meger, gyzdan gylykly duruşyň,
Ýörhä-ýör bolsa ýene, towşan kimindir turuşyň
– diýen setirlerini görkezmek bolar.
Nusgawy şahyrymyz Mollanepes hem «Bedew» şygrynda aty adamyň gylyk-häsiýeti bilen deňeşdirip şeýle diýýär:
Häsiýetiňni aýtsam, söýetiň söýgüli sen,
Akly adam, jynsy haýwan, keseri-dana bedew.
Nusgawy şahyrlarymyz bedew atyň gahrymançylygyny wasp etmekde diliň dürli çeperçilik serişdelerinden we dürli gurluşlaryndan ussatlyk bilen peýdalanypdyrlar. Elbetde, halkymyzyň «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eposlarynda hem bedew atlarymyzyň gözelligi, ýyndamlygy, wepadarlygy hakynda köp ýazgylar, goşgular bar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly öz döwürdeşi Durdy şahyryň: «O nämedir adam ýaly syzýa?» diýen sowalyna: «Bedew atlar adam ýaly syzýar» diýip, jogap berýär. Görnükli şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizow hem:
Aty debsiläp çapma,
Ol hem adam ahbetin
– diýip, Magtymgulynyň bu pikirini özüçe dowam edýär.
Türkmen bedewlerine aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiz: «Gyz gylykly, owadan bedewlerimiz diňe ynsan syzgyrlygy, duýgurlygy bilen däl-de, eýsem gaýratlylygy, çydamlylygy, wepadarlygy hem-de namysjaňlygy bilen kalbyňa gozgalaň salyp, buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär, öçmejek yz goýýar» – diýip, örän jaýdar belleýär.
Ýazyjy-şahyrlarymyzyň tas hemmesi diýen ýaly bedew atlarymyz hakda, aýlawlarda guralýan ýaryşlar hakda goşgular ýazdylar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň «Aýlawda» diýen goşgusy, şahyr Ahmet Gurbannepesowyň «Bedewler kişňesin seniň üstüňde», Orazmyrat Gurdowyň «Angliýa sowgat berlen Meleguşuň yzyndan aýdylan sözler», Türkmenistanyň halk ýazyjysy Italmaz Nuryýewiň «Çapyksuwar», «Taýçanak» ýaly goşgulary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Şu ýerde Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň milli Liderimize bagyşlap ýazan «Sen ak atda, sen Gyratda, ganatda» atly goşgusynyň şu günüň ruhunda ýazylanlygy aýratyn bellärliklidir.
Görogly beg bir sözünde «At ýigidiň gardaşydyr» diýipdir. Bu barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew täsirli goşgy ýazypdyr:
«At ýigidiň ganatydyr» diýen söz
Ýöne ýere dörän däldir aslynda.
Türkmen bedewi deý ganatly jandar,
Meger, ýokdur bu Zeminiň üstünde.
Görnükli şahyrymyz, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Mämmet Seýidowyň döredijiliginde bedew at mowzugy aýratyn orun tutýar. Şahyryň «Gaplaň», «Garlawaç», «Kepderi» diýen poemalarynyň her haýsysy atşynaslygyň taryhynda bolup geçen wakalar hakynda gürrüň berýär.
Şahyr Nobatguly Rejebowyň döredijiliginde hem bedew atlarymyza bagyşlanan, örän çeper ýazylan goşgular bar. Olaryň biri-de şahyryň «Dal bedew» diýen şygrydyr. Awtor nesilbaşymyz Oguz hanyň Nur diýen aty barada söhbede başlap, türkmen bedewiniň köp asyrlardan geçip gelen ýoluny yzarlaýar.
Bu gün döwlet nyşanymyz bolan Tugramyzyň törüne giren dal bedewimiz – Ýanardag hakda hem köp goşgular ýazyldy. Hormatly Prezidentimiziň iň gowy görýän aty Akhan hakynda, Hanbürgüt we beýleki atlarymyz barada ýazylan şygyrlar hem diýseň ýatda galyjy.
Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň baş gahrymany Artygy atsyz göz öňüne getirip bolanok. Onuň ýalňyz göz guwanjy bolan atyny pälä alanlarynda Artygyň gözünden daman ýaş onuň alaşasynyň hem gözünden syrygýar.
Görnükli ýazyjymyz Ata Gowşudowyň «Dordepel» diýen ajaýyp powesti ýazylanyna altmyş ýyldan hem kän wagt geçendigine garamazdan, şu gün hem öz täsirini ýitirmän gelýär.
Ýazyjy Agageldi Allanazarowyň «Gyratyň howalasy» diýen powesti, «Berdi jedeliň aty» diýen hekaýasy hem bedew at mowzugyna degişli eserler bolup, bedewlerimiziň çeper keşbini aýdyň suratlandyrýar. Ýazyjy Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romanyny okanymyzda-da, Altynjan hatynyň öz ýanýoldaşy, beýik türkmen serkerdesi Togrul begden at çapmakda, duşmana garşy at üstünde söweşmekde kem oturmaýandygynyň şaýady bolýarys. Bedew atlarymyz hakda, olaryň şöhrat-şany hakda şahyrlarymyz Italmaz Akmyradowyň, Gurbanýaz Daşgynowyň, Bibi Orazdurdyýewanyň, Akmyrat Rejebowyň, Döwletgeldi Annamyradowyň, Ahmet Mämmedowyň, Kakamyrat Rejebowyň ýazan goşgularyndan hem kän-kän mysallar getirse bolar. Ýene-de bir bellemeli zat: hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynyň hem nusgalyk eser bolup, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedigidir. Milli Liderimiz türkmeniň bedew atlary, çeper halylary ýaly milli gymmatlyklarymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly tagallalar edýär. Şol tagallalara jogap edip, biziň söz ussatlarymyz – ýazyjy-şahyrlarymyz çeper sözüň üsti bilen türkmeniň buýsanjyny wasp edýärler.
“Zaman-Türkmenistan”.