Ni­ge­ri­ýa­da bir ýo­lag­çy uça­ry bar­ma­ly ýe­ri bo­lan paý­tagt Abu­ja­da­ky ae­ro­por­ta däl-de, 550 km uzak­da­ky Asa­ba şä­he­ri­niň ho­wa men­zi­li­ne gon­dy. Bu tä­sin wa­ka­dan soň­ra ýur­duň La­gos şä­he­rin­den paý­tag­ta git­mek üçin ugur alan “Uni­ted Ni­ge­ria Air­li­nes” kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li uça­ryň uçar­ma­ny ho­wa­nyň şert­le­ri­niň ýa­ra­maz­ly­gy se­bäp­li baş­ga şä­he­re go­nan­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le-de bol­sa, uçar Asa­ba şä­he­ri­ne ba­ra­nyn­da, ýo­lag­çy­la­ra “Hor­mat­ly ýo­lag­çy­lar, Abu­ja Nnam­di Azi­ki­we ae­ro­por­ty­na hoş gel­di­ňiz!” di­ýen bil­di­riş okal­dy.
Ni­ge­ri­ýa­nyň Ra­ýat awia­si­ýa­sy eda­ra­sy bu ha­dy­sa bi­len bag­ly der­ňew iş­le­ri­niň ge­çi­ri­lip baş­la­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di.