ar­pyz be­den üçin iň ge­rek­li ösüm­lik­le­riň bi­ri­dir. Ol halk luk­man­çy­ly­gyn­da köp san­ly nä­hoş­luk­la­ry be­jer­mek­de giň­den ula­nyl­ýar. Nar­pyz özü­niň hi­mi­ki dü­zü­mi­niň sa­ýa­syn­da be­de­niň äh­li ag­za­la­ry­nyň işi­ne oňaý­ly tä­sir ed­ýär. Oza­ly bi­len, bu ösüm­lik nerw ul­ga­my­na peý­da­ly­dyr. Nar­pyz­ly çaý agyr iş gü­nün­den soň, ra­hat­lan­dy­ryp, göw­nü­ňi gö­ter­ýär. Nar­pyz beý­ni­niň işi­ni saz­lap, ün­sü­ňi jem­le­mä­ge kö­mek ed­ýär. Bu ösüm­li­giň tä­si­ri­niň uly bol­ma­gy üçin ag­şam­la­ry­na iç­seň has-da go­wy, ýö­ne ol gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da iki bul­gur­dan geç­me­li däl­dir.
Dür­li bar­lag­lar nar­py­zyň iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­na peý­da­sy­nyň ulu­dy­gy­ny su­but et­di. Ol iş­dä­ni aç­ýar, aş­ga­zan şi­re­si­niň sek­re­si­ýa­sy­ny sti­mu­lir­le­ýär, iý­mit siň­dir­me pro­se­si­ni go­wu­laş­dyr­ýar. Nar­pyz bag­ryň, ödüň sek­re­tor iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýar, içe­gä­ni we dem alyş ýol­la­ry­ny aras­sa­la­ýar. Nar­pyz da­mar­la­ry gi­ňeld­ýär, gan aý­la­ny­şy­gy­ny go­wu­laş­dyr­ýar, ýü­rek ur­şu­ny saz­la­ýar. Şu jä­het­den nar­pyz ýü­rek-da­mar ul­ga­my üçin hem peý­da­ly ösüm­lik­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Iç­geç­me, gast­rit, iý­mit siň­di­ri­şiň bo­zul­ma­gy, aş­ga­zan şi­re­si­niň tur­şu­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy, nerw ul­ga­my­nyň bo­zul­ma­gy, yn­ja­lyk­syz­lyk, ar­te­ri­al gi­per­to­ni­ýa, uku­syz­lyk, ça­ky­za, ýü­rek bu­lan­ma­sy, gi­ne­ko­lo­gik ke­sel­ler, dem alyş ýol­la­ry­nyň ke­sel­le­me­si we beý­le­ki nähoş ýag­daý­lar­ nar­py­zyň efir ýa­gy bi­len be­je­ril­ýär.
Gan ba­sy­şy­nyň güý­jü­ni pe­seld­ýän­li­gi üçin ony gi­po­to­nik­ler az muk­dar­da ulan­ma­ly­dyr­lar. Göw­re­li­le­re, şeý­le hem 5 ýa­şa çen­li ça­ga­la­ra mas­la­hat be­ril­me­ýär. Çün­ki nar­pyz ça­ga­la­ry ys­gyn­syz, me­lul ed­ýär. Böw­rek we ba­gyr ke­sel­le­ri­ne uç­ran­lar hem on­dan çet­de dur­sa­lar kem däl. Ame­ri­kan alym­la­ry­nyň soň­ky ge­çi­ren bar­lag­la­ryn­da nar­pyz­ly çaý we onuň hoş­boý ysy ar­ka­ly ar­tyk­maç ag­ram­dan hem dy­nyp bol­ýan­ly­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy.