Niderlandlaryň Kubogy ýaryşynyň (KNVB Cup) 2-nji tapgyrynda garaşylmadyk taryhy netije hasaba alyndy. 1/16 finalda ýurduň iň güýçli klublarynyň biri hasaplanýan “Aýaks” topary myhmançylykda professional däl liganyň wekilinden asgyn geldi.

Möwsüme şowsuz başlap, häzirki wagtda özüni dürsäp ugran “Aýaks” topary Utreht şäherinde 4-nji ligada çykyş edýän “Herkules” toparyndan 3-2 utulyp, kubok ýaryşyndan taryhy ýeňliş bilen çykdy. Duşuşykda ýer eýeleri Pitersiň 16-njy we 66-njy minutlardaky gollary bilen 2-0 öňe geçdi. Ýöne “Aýaks” soňky 10 minutda hasaby deňlemegi başardy. 83-nji minutda Brobbiniň, 89-njy minutda-da Akpomyň tapawutlanmagynda hasap deňlendi. Emma ýer eýeleri bu gollardan soň tijenip, Grotenbregiň 90+3-nji minutda geçiren goly bilen ýeňşini baýram etdi.

“Aýaks” topary taryhynda ilkinji gezek professional däl klubdan utulyp, kubok ýaryşyndan çykdy. Umumylykda Niderlandlaryň Kubogy ýaryşynyň çäginde şeýle waka 30-njy gezek bolup, professional däl klublar professional klublary dürli ýyllarda ýaryşdan çykarmagy başardy.

Çempionatda sanawyň lideri PSW-den 27 utuk yzda 5-nji orunda barýan “Aýaks” toparynyň tälimçisi Jon wan’t Şip duşuşykda toparyny ýalňyz goýmaly boldy. Ol oglunyň durmuş toýy üçin Awstraliýa gitmeli bolupdy.

“Aýaks” topary 2023-nji ýylda 14-nji gezek utulyp, amsterdamlylar mundan öň diňe 1964-nji ýylda 14-den köp ýeňlipdi (15 gezek).