2023-nji ýylda iň meşhur howa gatnawy Singapur bilen Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpuryň arasyndaky ugur boldy.
Iki tarapa hem gatnaýan uçarlarda bar bolan orunlaryň umumy sany 4,9 milliona ýetip, bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan 1,5 esse köp. Iki şäheriň arasynda uçuş wagty takmynan, bir sagat.
“Kair-Jidda” ugry ikinji, “Gonkong-Taýbeý” ugry üçünji orny eýeledi. Bortdaky oturgyçlaryň umumy sanynyň örän çalt ýokarlanmagy Seul-Osaka we Seul-Tokio ugurlarynda hasaba alyndy diýip, Beýik Britaniýanyň barlag kompaniýasy OAG habar berýär.