Wýetnamda geçirilen “Zemin gözeli” halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Albaniýanyň wekili Drite Ziri boldy. Bäsleşigiň ahyrynda eminler elementleriň atlaryna esaslanyp, dört ýeňijini saýladylar: Ýer, Suw, Ot we Howa. Iň abraýly at hem “Zemin gözeli” boldy.
Filippinli Ilýana Aduana“Howa gözeli”, tailandly Kora Blialult “Ot gözeli”, wýetnamly Do Thi Lan An bolsa “Suw gözeli” adyna eýe boldy.
Aýry-aýry baýraklar ýedi sany ýörite ugur boýunça gowşuryldy. Wýetnamly Do Thi Lan An iň gowy çykyş we egin-eşik baýraga eýe boldy. “Halkyň saýlany” baýragyna indoneziýaly Sindi Inanto, iň gowy agşam köýnegi üçin baýraga gazagystanly Dilnaz Tilaýewa eýe boldy. Zehin bäsleşiginiň ýeňijisi Täze Zelandiýaly Keýtlin Dulçi boldy. Ýewropadan gelen topar ekologiýa boýunça iň gowy çykyş üçin baýraga eýe boldy.