Angola Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasyndan (OPEK) çykýandygyny mälim etdi. Bu barada Angola hökümetiniň “Facebook” sahypasyndaky resmi sahypasynda habar berildi.
Ýurdy OPEK-den çykarmak karary, paýtagt Luandadaky Prezident köşgünde geçirilen Ministrler Geňeşiniň mejlisinden soň mälim edildi.
-Angola hemişe öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirdi we OPEK-iň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de öz agzalarynyň peýda görmegine kömek etmek üçin hemişe tagalla edip geldi. Häzirki wagtda Angola guramada galyp öz bähbitlerini goramaga tagalla edeni bilen gazanjak zadymyz ýok. Şoňa görä-de, biz OPEK-den çykmaly diýen karara geldik – diýip, Angolanyň nebit, gaz we mineral serişdeleri ministri Diamontino Azewedo aýtdy.
-Goşandymyzyň we pikirlerimiziň hiç hili täsiri ýetmeýän guramada bolanymyzdan, ony terk etsek gowy bolar. OPEK-e 2006-njy ýylda meýletin goşuldyk, indi bolsa meýletinlik bilen ony terk edýäris. Bu zerur karar – diýip ministr belledi.
Angola, Saharanyň günortasyndaky Afrikanyň iň uly nebit eksport edijileriniň biridir.