Argentinaly super ýyldyz Lionel Messiniň öňki topardaşlaryndan ýene biri “Inter Maýami” toparyna geçdi. Köp wagtdan bäri gürrüňi edilýän transfer ahyry amala aşyp, urugwaýly ýyldyz hüjümçi Luis Suares MLS-iň “Inter Maýami” topary bilen 1+1 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Karýerasy boýunça “Nasional”, “Groningen”, “Aýaks”, “Liwerpul”, “Barselona”, “Atletiko Madrid”, ýene-de “Nasional” hem-de “Gremio klublarynda oýnan Luis Suares ady agzalan şu toparlarda 800 duşuşykda 489 gezek tapawutlandy.

Ol “Inter Maýamidäki” topardaşlaryndan Lionel Messi, Ýordi Alba, Seržio Buskets bilen “Barselona” 2014-2020-nji ýyllar aralygynda 6 möwsüm bilelikde çykyş etdi. Şol döwürde olar bilelikde ençeme kubogy asmana galdyrypdy.

Urugwaýly hüjümçiniň täze klubunda 9-njy belgili köýnekçäni geýjekdigi belli bolup, ABŞ-nyň çempionatynyň täze möwsümi geljek ýylyň fewral aýynda başlar.