Kosowanyň ýaşaýjylarynyň Şengen ýurtlaryna wizasyz girmeklerine mümkinçilik döredildi. Şu ýylyň başynda güýje giren düzgüne görä, kosowalylardan 90 güne çenli bolan syýahaty üçin ygtyýarnama talap edilmez. 2008-nji ýylda Serbiýadan garaşsyzlygyny yglan eden Kosowanyň 1,8 million töweregi ilaty bar.
Garaşsyzlygy dünýäde BMG-na agza 114 ýurt tarapyndan ykrar edilen Kosowa Respublikasy Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bölekleýin diplomatik gatnaşyklary alyp barýar.
Ýewropa Bileleşigine agza bolan Ispaniýa, Gresiýa, Rumyniýa, Slowakiýa we Kipr Respublikalary ýurduň garaşsyzlygyny ykrar etmeýär. Şeýle-de bolsa bu ýurduň raýatlarynyň syýahatçylyk resminamalaryny kabul edýär. Agzalan ýurtlaryň arasynda diňe Ispaniýa Kosowanyň pasportyny ykrar etmeýärdi. 1-nji ýanwardan başlap bu ýurt hem Kosowanyň pasportyny ykrar edip başlady.
Ýurduň resmi dili serbçe we albança.