Halkara Olimpiýa Geňeşi 1894-nji ýylda Pýer De Kuberten tarapyndan döredilýär.
1936-njy ýylda Berlinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlary ilkinji gezek teleýaýlym arkaly ýerli tomaşaçylara ýetirilýär.
1956-njy ýylda geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlary ilkinji gezek halkara ýaýlyma goýberilýär.
Olimpiýa oýunlarynyň teleýaýlyma goýberilmegi bilen onuň mahabat girdejilerini we olary görmäge mümkinçiligi bolmadyklara ýetirilendigi sebäpli umumy girdejisini artdyrmaga ýardam edýär.
Häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň ilkinjisi 1896-njy ýylda Gresiýanyň paýtagty Afinyda geçirilýär. Oňa 14 ýurtdan 241 türgen gatnaşyp, sportuň 9 ugry boýunça güýç synanyşdylar.
Gyşky olimpiýa oýunlary 1924-nji ýylda ilkinji gezek Fransiýanyň Şamoni-Mon-Blan sebitinde geçirilýär.
1992-nji ýyla çenli her dört ýyldan geçirilýän tomusky we gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ikisi hem şol bir ýylda geçirildi. Ondan soňky gyşky Olimpiýa oýunlary 1994-nji ýylda geçirildi. Soňlugy bilen gyşky we tomusky Olimpiýa oýunlary iki ýyl aratapawut bilen geçirilip başlanýar.
2010-njy ýyldan başlap, 14-18 ýaşly türgenleriň arasynda Olimpiýa oýunlary geçirilip başlanýar. Ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen ýola goýlan bu çäräni geçirmek pikirini 2001-nji ýylda Haklara Olimpiýa Geňeşiniň başlygy Žak Rogge hödürleýär.
Ýaşlaryň arasynda geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinjisi 2010-njy ýylda Singapurda, Gyşky oýunlar bolsa, 2012-nji ýylda Awstriýanyň Insbruk şäherinde geçirilýär.
Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilýän dürli dabaralarda şol ýurduň medeni we taryhy baýlyklary tanyşdyrylýar. Bu ýagdaý ýurduň halkara derejesinde abraýynyň artmagyna goşant goşýar.