UEFA Milletler Ligasynda çärýek finalyň 1-nji duşuşyklary oýnaldy. Italiýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Germaniýadan Tonaliniň goly bilen 9-njy minutda öňe geçendigine garamazdan, Klýaýndinstiň (49) hem-de Goreskanyň (76) gollary esasynda 2-1 ýeňildi.

Fransiýanyň ýygyndysy bolsa myhmançylykda Horwatiýadan 2-0 hasabynda asgyn geldi. Kramariçiň penalti salyp bilmedik oýnunda horwatlaryň gollaryny 26-njy minutda Perişiçiň pasynda Budimir hem-de 45+1-nji minutda Perişiç geçirdi.

Daniýanyň ýygyndysy-da Portugaliýany Rasmus Hýoýlunnyň 78-nji minutda salan ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi.

Niderlandlar bilen Ispaniýanyň arasyndaky 1-nji duşuşykda-da ýeňiş gazanan bolmady. Ispanlar soňky minutlarda ýeňlişden halas bolup, duşuşyk 2-2 hasabynda tamamlandy (Gakpo 28, Reýnders 46 – Niko Williams 9, Merino 90+3).

Jogap duşuşyklary 23-nji martda oýnalar.