Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzda ilkinji kitaphananyň döredilmeginiň 130 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu waka ilkinji medeni edaralaryň biriniň baý taryhyny hem häzirki zaman ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin okyjylary, kitaphanaçylary we medeniýet işgärlerini bir ýere jemledi.
Çärede çykyş edenler kitabyň her bir adamyň durmuşyndaky üýtgewsiz ähmiýetini bellediler. Özüniň köpýyllyk taryhynyň dowamynda ösmek bilen, kitaphananyň elmydama hemmeler üçin wajyp we elýeterli bolandygy bellendi. Bu senäniň hormatyna iň gowy işgärlere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Dabara gatnaşanlar kitaphana ulgamynyň ösüşine berýän goldawy we ünsi üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy taryhy gözbaşyny XIX asyryň ahyrlaryndan alyp gaýdýar. Ol 1895-nji ýylyň awgust aýynda birnäçe müň kitap gory bolan Zakaspiý oblast jemgyýetçilik kitaphanasy hökmünde açyldy. Döredilen ilkinji ýyllaryndan başlap kitaphana işjeň ösdi. Täze bölümler açyldy, türkmen dilinde kitaplar neşir edilip başlandy we ol tutuş ýurt üçin usulyýet merkezine öwrüldi. Hatda, binasyny we gaznasyny weýran eden 1948-nji ýylyň ýer titremesi hem onuň işini togtatmady. Sanlyja aýdan soň kitaphana işini dowam etdirdi.
Häzirki wagtda Döwlet kitaphanasy döwrebap ylmy, maglumat, aň-bilim merkezidir. Onuň gaznasynda 5,6 milliondan gowrak neşir bar, alyp barýan işleri bolsa seýrek kitaplary rejelemekden başlap, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly köp ugurlary öz içine alýar. Kitaphana gaznasyny işjeň sanlylaşdyrýar we bilimi ýurduň ähli ilaty üçin elýeterli etmek üçin, Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň (BEKU) çäginde iş alyp barýar.
Şunuň bilen birlikde, kitaphanaçylar diňe öz iş ýerlerinde işlemek bilen çäklenmeýärler. Olar okyjylar bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýarlar, göçme sergileri, edebi agşamlaryny we edebiýat synlaryny ýola goýýarlar. Kitaphananyň resmi saýtynda geçirilen çäreler we döredijilik duşuşyklary baradaky habarlar yzygiderli çap edilýär. Işjeň we köptaraply işi kitaphanany ýurduň medeni durmuşynda möhüm orny eýeleýän edara öwürýär.