Doganlar Lýumýerler 1895-nji ýylyň 13-nji fewralynda ilkinji «kinematograf» enjamyny patentläp, dünýä kinosynyň düýbüni tutdular. Lui Lýumýeriň gijeki oýlanmalaryndan dörän bu enjam suratlary hereketli görkezmäge mümkinçilik berdi. Şol ýylyň 28-nji dekabrynda Parižde ilkinji tölegli film seansynyň geçirilmegi bilen häzirki zaman kino sungaty täjirçilik ýoluna düşdi.
PDF









