Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy ýokary klasa degişli YU7 elektroulagyny tanyşdyrdy. SUV kysymly ulagdan internet arkaly satuwa çykarylan ilkinji minutynda 289 müň sanysy sargyt edildi. Amerikanyň “Tesla” kompaniýasynyň “Model Y” ulagyna bäsdeş edilip döredilen ulagyň bahasynyň hytaý bazary üçin 253 müň 500 ýuandygy (35 müň 360 dollar) mälim edildi. Ulaga aşa derejede köp islegiň bolmagy kompaniýanyň Gonkong biržasyndaky bahasyny 8 göterim ýokarlandyrdy. Tanyşdyrylyş dabarasynda kompaniýanyň ýolbaşçysy Leý Szýun “Iň uly bäsdeş bilen ýüzleşjekdiklerini” aýdyp, “Tesla” bilen bäsleşjekdiklerini açyk aýtdy. Ol öndürýän smartfonlaynyň “iPhone” bilen bäsleşişi ýaly, elektroulag pudagynda hem ýokary netijä garaşýandyklaryny belledi. Leý kompaniýanyň geljek 5 ýylda 28 milliard dollara golaý maýa goýum goýjakdyklaryny habar berdi.
“Xiaomi”-niň YU7 modeli “Tesla”-nyň “Model Y” ulagyndan 4 göterim töweregi arzan.
“Goldman Sachs” maliýe edarasynyň bilermenleri YU7-lere bolan aşa köp islegiň “Xiaomi”-niň ýokary derejeli ulaglaryň arasynda güýçli orun aljakdygyny alamatlandyrýandygyny belleýärler.
“Bloomberg”-iň bilermenleri bolsa, täze ulagyň müşderilere ýetirilip başlanmagy bilen, kompaniýanyň 2025-nji ýyldaky elektroulag satuwynyň 208 göterim ýokarlanyp biljekdigini belleýärler.