1564: 1-nji aprel güni adamlar bir-birleri bilen degişýärler. Şol sebäpli, kä halatlarda käbir adam çynyňy aýtsaň hem degişilýändir öýdüp, güman edip bilýär. Eýsem, adamlar haçandan bäri 1-nji aprelde bir-birleri bilen degişýärler. Bu däp 1564-nji ýylda Fransiýada ýüze çykýar. Şol ýyl üýtgedilen senenama laýyklykda şol wagta çenli täze ýylyň ilkinji güni hasaplanýan aprel aýynyň 1-i täze senenama laýyklykda 1-nji ýanwara geçirilipdi. Aprel aýynyň 1-ine täze ýyly bellemäge öwrenişen adamlar birek-birege täze ýyl bilen bagly oýun edip başlaýarlar. Fransuzlar bu degişmeleri “Poisson D’avril” (aprel balygy) diýip atlandyrdylar. Şondan soňra adamlar diňe Täze ýyl bilen däl, başga temalarda hem bir-birlerine degşip başlapdyrlar. Käbir çeşmelerde aprel degişmesiniň has ozal başlandygy barada hem maglumatlar bar. Şol döwürler aprel degişmesi Beýik Britaniýada hem ýaýrapdyr.
Suratda: 1857-nji ýyla degişli London diňinde “her ýyl geçirilýän geçirilýän” “Ýolbarslary ýuwmak” dabarasy üçin çap edilen bilet. Aslynda şeýle waka hiç haçan bolmandy. Şeýle-de bolsa, bu bileti alan adamlar diňiň töweregine ýygnanypdylar.
PDF









