Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 1-nji awgustdan Köpetdag şaýolunyň ugrunda bejeriş işleri geçirilýändigi sebäpli, 100-nji «Teke bazar – Arkadag şäheri» awtobus ugrunyň hem-de 45-nji «Teke bazar – Gökdere» awtobus ugrunyň üýtgedilýändigini habar berýär.
Täze ugurlar boýunça awtobuslar hereketlerini Görogly köçesinden Abadan jülge köçesinden demirgazyk tarapa öwrülip, soň Abadan şaýolundan günbatar tarapa Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen Gökdere şaýoluna çenli – günorta tarapa dowam etdirerler. Soňra ugurlar Arkadag şäheriniň «Akhan» binasyna hem-de Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezine çenli dowam eder. Awtobuslar hereketlerini yzyna hem şol ugurlar bilen Görogly köçesine çenli dowam etdiriler.
“Awtomobil Ulag Hyzmaty” AGPJ-niň web saýtynda habar berilýär.