1-nji ýanwar milady ýyl hasabyna görä, ýylyň ilkinji güni hasaplanýar. Bu gün dünýäniň ähli ýurdunda diýen ýaly Täze ýyl baýramy sebäpli dynç günüdir.
Bu senäniň ýylyň başy kabul edilmegi öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Rim Imperiýasy döwründe “ýanwar” sözi başlangyçlaryň we gapylaryň hudaýy hasaplanýan, bir ýüzi geçmişe, beýleki ýüzi geljege garap duran “Janus” (“Ianuarius”) sözünden emele gelipdir. Şol sebäpli bu gün köp medeniýetlerde simwoliki taýdan geçmişde edilen işleriň terezä goýulýan, täze edilmeli işleriň meýilleşdirilýän aýy hasaplanýar.
1801-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda italian astronomy Juseppe Pýassi Serera girdenek (karlik) planetasyny açýar.
1999-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Ýewropa Bileleşigi ýewro pul birligini tanyşdyrýar. 2002-nji ýylyň başynda bu pul birligi 12 ýurtda milli pul birlikleriniň ýerine, umumy pul birligi hökmünde dolanyşyga goýberilýär.
1-nji ýanwar dünýäde resmi taýdan iň köp adamyň doglan güni hasaplanýar.