1 ýyldan soň ýene-de 2-nji liga düşdi

3

Ispaniýanyň çempionaty “La Liganyň” 35-nji tapgyrynyň iň soňky oýnunda “Raýo Wallekano” bilen “Žirona” toparlary duşuşdy. Duşuşykda soňky 5 minutda geçirilen gollaryň netijesinde 1-1 deňlikde tamamlandy. Oýnuň 86-njy minutynda ýer eýelerinden Alemao hasaby açsa, 90-njy minutda weteran futbolçy Stuani hasaby deňledi. Şeýlelikde, bu deňlik çempionatyň iň aşaky ornuna barýan toparyň 2-nji liga düşmegine sebäp boldy. Geçen iýunda 26 ýyldan soň “La Ligada” oýnamaga hukuk gazanan “Real Owiedo” toparynyň ispan futbolynyň iň ýokary ligasyndaky başdan geçirmesi gysga boldy. Topar täze möwsümde 2-nji ligada “La Liga” çykmak üçin göreşi dowam etdirer.