Dünýäniň iň uly çip öndüriji kompaniýasy bolan “Taiwan Semiconductor Manufacturing Co” (TSMC) çipleri energiýany has köp tygşytlaýan täze strategiýasy barada maglumat berdi. Emeli aň tehnologiýasy babatda ösen “Nvidia” kompaniýasynyň çiplerini hem üpjün edýän TSMC emeli aň çipleriniň has netijeli görnüşlerini öndürer. Mysal üçin, “Nvidia”-nyň häzirki emeli aň serwerleri köp amal ýerine ýetirenlerinde 1 200 wata çenli elektrik energiýasyny sarp edýär. Bu bolsa müň hojalygyň sarp edýän elektrik energiýasyna gabat gelýär.
TSMC-niň hünärmenleri dürli tehnologiýalar bilen öndürilen birden köp çipletleriň (bir bitewi çipiň has kiçi bölejikleri) ýeke-täk hasaplaýyş bukjasynyň içinde birleşdirilmegi netijesinde täze çip öndürer.