Portugaliýanyň Super Kubogy (Supertaça Candido de Oliveira) duşuşygynda “Benfika” ýeňiş gazandy. Ýurduň Faru şäherindäki “Algarwa” stadionynda çempion hem-de kubogyň eýesi “Sporting” bilen wise-çempion “Benfika” toparlary duşuşdylar. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 2-nji ýarymda “Benfika” topary Wangelis Pawlidisiň 50-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen ýeňşini baýram etdi.

Şeýlelikde, “Benfika” topary 1 ýyllyk arakesmeden soň 10-njy gezek ýurduň Super Kubogyna mynasyp boldy. Olar bu ugurda 9 kubogyň eýesi “Sportingden” öňe saýlandylar. “Porto” topary Super Kubogy 24 gezek gazanyp, bu görkeziji boýunça sanawyň başyny çekip gelýär.

“Sporting” topary bassyr 2-nji gezek Super Kubok duşuşygynda ýeňildi.