Salwadoryň Sakamil etrabynda wenesuelaly 28 ýaşly suratkeş Oskar Oliwares tarapyndan plastik gapaklardan ýasalan äpet freska peýda boldy. Beýikligi 13 metrden geçýän bu eser dünýäde öz görnüşindäki iň uly işleriň biri hasaplanýar.
Leonardo da Winçiniň meşhur “Mona Liza” eseriniň salwadorça görnüşi bolan bu surat 100 müňden gowrak gapakdan ybaratdyr. Bu freska Oliwaresiň şu wagta çenli döreden iň uly göwrümli işi bolup, ol Sakamil şäherçesini dünýä derejesindäki köçe sungatynyň merkezine öwürmegi maksat edinýär.
Suratda adaty “Mona Lizanyň” deregine, Salwadoryň milli baýdagynyň reňklerindäki güller bilen bezelen, buýra saçly, bugdaý meňiz zenan şekillendirilýär. Suratkeş bu barada şeýle diýýär:
“Bu anyk bir adamyň portreti däl-de, eýsem, ýurduň adaty raýatynyň allegoriki (meňzetme) keşbidir”.
Eseriň iň täsin tarapy bolsa, gapaklaryň hiç hili goşmaça reňklenmän, diňe öz asyl reňkinde ulanylandygydyr. Gapaklar suratkeşiň dostlary, goňşulary we galyndylary gaýtadan işleýän kärhanalar tarapyndan ýygnaldy.
Oskar Oliwares üçin bu diňe bir sungat eseri däl, eýsem adamlaryň galyndylara bolan garaýşyny üýtgetmek üçin bir guraldyr. Onuň işleri eýýäm dünýäniň 22 ýurdunda görkezilýär.
Suratkeşiň bellemegine görä, işiň esasy gymmaty ulanylan gapaklaryň sanynda däl-de, eýsem adamlaryň bu işe goşan goşandyndadyr. “Bu jemgyýete we maşgalalara plastik galyndylara düýbünden başgaça garamaga mümkinçilik berýär” diýip, awtor nygtaýar.
PDF









