Ýaponiýa uzak ýaşaýanlaryň ýurdy hökmünde bellidir. Ýurtda 100 ýaşyndan geçen adamlaryň sanynyň 100 müňe golaýlandygy mälim edildi. Ýaponiýanyň Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, bu ýurtda 99 müň 763 adam azyndan bir asyry arka atypdyr. Soňky ýyllarda ýurtda 100 ýaşyndan geçenleriň sany yzygiderli artýar. Bilermenler ýaponlaryň uzak ýaşamagynyň iýmitleniş endikleri bilen baglydygyny belleýärler. Ýapon aşhanasynda, esasan, deňiz we gök-bakja önümleri agdyklyk edýär. Şeýle hem olar yzygiderli hereketde bolýarlar hem-de köpçülik bilen gatnaşyk saklaýarlar. Bu bolsa adamyň ruhy saglygyna oňyn täsir edýär. Maglumata görä, ýurtdaky iň garry adam 114 ýaşly zenan, pensioner lukman Şigeko Kagawa. Erkekleriň arasynda bolsa, 111 ýaşly Kiýotaka Mizuno. Ýüz ýaşdan geçenleriň 88 göterimini zenanlar düzýär.
Meňli Atamyradowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.