Dört sany ýüzi bolan, ýüzlerçe ýyllap “sagat ýaly işläp biljek” dünýäniň ilkinji sagady işlenip taýýarlandy. “Jaeger-LeCoultre Reverso Hybris Mechanica Calibre 185” atly goşar sagady diňe wagty däl, eýsem, ýene 10 asyrdan boljak Aý tutulmak hadysasynyň wagtyny hem görkezýär. Şweýsariýanyň lýuks sagatlary öndürýän “Jaeger-LeCoultre” brendi çylşyrymly ýüzi bolan sagady köpçülige tanyşdyrdy. Bary-ýogy 12 sanysy öndürilen sagadyň ýüzi birneme çylşyrymly. Gabarasy ak reňkli altyndan ýasalan sagadyň ýüzi açylyp-ýapylýar. Şeýle hem sagadyň ýüzi aýlananda Aýyň tutulýan wagtlary görkezýän ekran peýda bolýar. Mehaniki sagada 1111 ýyldan gaýtadan tow berilmelidigi bellenilýär.