Angliýanyň çempionatynda öňdäki 3 toparyň arasynda liderlik göreşi ýokary depginde dowam edýär.
Sanawyň lideri “Arsenal” myhmançylykda “Ewertondan” Gýokereşiň 27-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan saly goly esasynda 1-0 hasabynda üstün çykdy.
“Mançester Siti” öz meýdançasynda “West Hamyň” derwezesinden jogapsyz 3 gol girizip, oýunda Erling Holann (2) bilen Tijani Reýnders tapawutlandy.
Tapgyryň merkezi oýnunda 3-nji ýerdäki “Aston Willa” topary “Mançester Ýunaýtedi” Morgan Rojersiň 45-nji we 58-nji minutlarda geçiren owadan gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Myhmanlardan Mateus Kunýanyň goly ýeňşe ýetmedi. Şunlukda, “Aston Willa” topary bassyr 10 oýunda ýeňiş gazanyp, klubuň taryhynda şeýle statistika 1914-nji ýyldan bäri, ýagny 111 ýyldan soň ikinji gezek hasaba alyndy. Unaý Emeriniň tälim berýän kluby çempionatda-da 1990-njy ýyldan soň ilkinji gezek yzly-yzyna 7 oýunda ýeňiş gazanmagy başardy.
“Liwerpul” özüni dürseýär
Kem-kemden özüni dürseýän “Liwerpul” topary myhmançylykda “Tottenhamy” täze transferleri Isak hem-de Ekitikeniň gollary bilen 2-1 hasabynda utdy. “Tottenhamdan” 3-nji minutda Simons, 90+3-nji minutda-da Romeronyň gyzyl kart alan duşuşygynda ýer eýeleriniň ýeke-täk goluny Rişarlison öz adyna ýazdyrdy. Çempionatda bassyr 2-nji ýeňşini gazanan “Liwerpulda” Isak agyr şikes alyp, şwesiýaly hüjümçiniň birnäçe aý klubuna kömegi degmez.
“Nýukasl” bilen “Çelsiniň” arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Woltemadeniň 1-nji ýarymda geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlanan ýer eýelerine bu üstünligini saklamak başartmady. “Çelsini” ýeňlişden halas eden gollary Riis Jeýms bilen Žoao Pedro geçirdi.
Nýukasl – Çelsi: 2-2 (Woltemade 4, 20 – Jeýms 49, Žoao Pedro 66),
Bornmut – Börnli: 1-1 (Semenýo 67 – Broýa 90),
Braýton – Sanderland: 0-0,
Wulwerhempton – Brentford: 0-2 (Lýuwis-Potter 63, 83),
Mançester Siti – West Ham: 3-0 (Holann 5, 69, Reýnders 38),
Tottenham – Liwerpul: 1-2 (Rişarlison 83 – Isak 56, Ekitike 66),
Lids – Kristal Palas: 4-1 (Kalwert-Lýuwin 38, 45+4, Ampadu 60, Stah 90+11 – Dewenni 90+2 p),
Ewerton – Arsenal: 0-1 (Gýokereş 27 p),
Aston Willa – Mançester Ýunaýted: 2-1 (Rojers 45, 58 – Mateus Kunýa 45+3),
Fulham – Nottingam Forest (şu gije)
PDF









