Angliýanyň çempionatynda 19-njy tapgyrda-da ähli ýaryşlarda 11 oýundan bäri garşydaşlaryndan üstün çykyp gelýän “Aston Willanyň” bu ýeňişli ýörişini “Arsenal” duruzdy. Londonda oýnalan oýunda “Arsenal” güýçli garşydaşynyň yzly-yzyna 12 oýunda ýeňiş gazanyp, 111 ýyllyk klub rekordyny täzelemegine ygtyýar bermedi. 4-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Arsenalyň” gollaryny Gabriel, Zubimendi, Trossar hem-de Gabriel Žesus geçirdi.

“Nýukasl” myhmançylykda “Börnliden” 3-1 hasabynda üstün çykmagy başardy. “Mançester Ýunaýted” bolsa öz meýdançasynda “Wulwerhempton” bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady.