Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Bagtyly obasynda ýaşaýan Sarygül Mätiýewa şu ýyl 115 ýaşyna gadam basdy. Sarygül enäniň ýoldaşy Mäti aga daýhançylyk kesbini ýöretdi. Ol çagalarynyň gursagyna kiçi zatdan uly lezzet almak, halal işlemek duýgusyny guýdy. Özünden ýagşy at, uly abraý galdyrdy. Onuň birmahallar yhlas bilen eken nahallary giň howlynyň uzaboýuna hatar gurap, howalanyp otyr. Daýhan pederiň ruhy siňen bagda ir bahardan ideg işleri başlanýar. Pyntyk ýaryp ugran şahalardan ak baharyň hoştap ysy kükeýär. Howlynyň çar tarapyny jähekläp oturan üzümleriň şahalary atanaklaýyn germelen sütünleri ýassanyp ýatyr. Bagyň ileri çetinde inedördül atyzlar kölçelere bölünipdir. Ýere mazaly ýyly aralaşansoň, atyzlar läle-reýhan bolýar.

Çagalykdan zähmete werzişlik ýörelgä öwrüldi. Sarygül enäniň ýanynda ýaşaýan ogly Güýçgeldi, bir köçe gaýrada öý tutunan agtygy Batyr ata kesbini ýöredýär. Olaryň hersiniň 2 gektar kärende ýeri bar. Geçen ýyl her gektardan 30 sentnerden geçirip, ak bugdaý öndürdiler. Batyr Mätiýewiň bir gektar bagy hem bar. Bu maşgalada önüp-ösen ogul-gyzlar, agtyklar dürli ugurlarda zähmet çekýärler.

Sarygül enäniň 3 ogly, 4 gyzy, 41 agtygy, 76 çowlugy, 6 ýuwlugy bar. Nesil-nebere örňäp, şejere daragtynda täze pudaklar kemala gelýär. Mährem ene ýakyn günlerde ýuwluklarynyň hatarynyň artjakdygyny guwanç bilen aýdýar.

— Bu bagtly günlerde, gül ýaly durmuşda ýaşamak nesibämde bar eken — diýip, Sarygül ene aýdýar. — Öýde iki gelnim bolýar. Olar juda mähirli. Halmyrat agtygymyň gelni Gülruh ýanymdan aýrylmaýar. Her baýramçylykda çagalarymyň bary üýşende, göwnüm göterilýär. Etrabymyzyň degişli edaralaryndan ýörite gelip, hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylagyny, gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar.

Kän ýyllar obada zähmet çekdim. Daýhançylyk etdim. Ajaýyp zamanamyzda şol çeken zähmetimiň rehnetini görüp, gowy durmuşda ýaşap otyryn.

Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.