Britaniýaly Jeýms Howells, tötänden zibile taşlanan 8 müň bitkoin saklanýan gaty diskiniň gözleglerini bes etmeli diýen karara geldi. Häzirki wagtda olaryň bahasy, takmynan, 950 million dollara deň. 10 ýyla çeken gözlegler, kazyýet işi we hatda zibilhanany satyn almak synanyşygy şowsuz tamamlandy: Nýuport şäher häkimligi zibihanany dörmek işlerine rugsat bermedi.
Jeýms Howells 2009-njy ýylda bu iş bilen meşgullanyp başlaýar we birnäçe aýyň içinde 8 müň bitkoin gazanýar. 2013-nji ýyla çenli bitkoinler eýesine 1 million dollar getirip bilerdi. Ýöne Howellsiň halaşýan gyzy gerekmejek zatlary zyňmak üçin üýşürip otyrka, faýlly gaty diskem bilmän hapa taşlanýan bedrä oklaýar.
Britaniýaly ýigit şondan bäri geçen ýyllaryny gymmatly diskiniň gözleglerine bagyşlady. Ol gaty diskiniň Uelsiň Nýuport şäherindäki merkezi zibilhanasyndadygyna göz ýetirýär. Howells diskini tapaýjak hem ýalydy, ýöne häkimiýetler zibilhanany dörmäge rugsat bermediler. Munuň sebäbi ýerli ekologiýa bilen baglanyşykly meselelerdi.
Paltasy daşa degen Howells şäher häkimligi bilen gepleşik geçirmäge synanyşýar. Ol häkimlige bitkoinleriň bahasynyň 10 göterimini teklip edýär. Bu hem başa barmansoň, häkimligi kazyýete şikaýat edýär. Soň bolsa zibilhanany tutuşlygyna satyn almaga synanyşýar. Netijede, onuň bitkoinli diski tapmak üçin eden synanyşyklarynyň bary şowsuz tamamlanýar. Häzirki wagtda şäher häkimligi gaty diskiň dabarasynyň dag aşanlygy üçin zibilhana garawul goýmak kararyna geldi.
Geçen ýyllaryň dowamynda bitkoinleriň bahasy birnäçe esse gymmatlady.