Edil gu­ry ýer­de bol­şy ýa­ly, su­wuň as­tyn­da hem jan­ly-jan­dar­la­ryň müň­ler­çe gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Go­laý­da te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­ler bir ýaş kit aku­la­sy­nyň Ma­da­gas­kar ada­sy­nyň go­la­ýyn­dan Seý­şel ada­la­ry­na çen­li 1200 ki­lo­metr ara­ly­gy ýü­züp ge­çen­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. Alym­lar bu jan­dar­la­ryň şu ara­lyk­da he­re­ket ed­ýän­di­gine şüb­he­len­ýär­di­ler. Uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de il­kin­ji ge­zek bu ýag­daý tas­syk­lan­dy. Ma­da­gas­kar kit aku­la­sy tas­la­ma­sy­nyň hem-de Seý­şel­ler Res­pub­li­ka­sy­nyň de­ňiz go­rag jem­gy­ýe­ti­niň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan bu jan­dar 2019-njy ýyl­da Ma­da­gas­ka­ryň, ge­çen ýyl bol­sa, Seý­şel ada­la­ry­nyň go­la­ýyn­da su­ra­ta dü­şü­ri­lip­dir. Edil ada­myň bar­ma­gy­nyň yz­la­ry­nyň ta­pa­wut­ly bol­şy ýa­ly, bu jan­dar­la­ryň hem da­şy­nyň me­nek­le­ri bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýar. Ýag­ny, hiç bir kit aku­la­sy beý­le­ki­si­ne meň­ze­me­ýär. Alym­lar hem bu te­bi­gy aý­ra­tyn­ly­gy ar­ka­ly jan­da­ryň şeý­le uzak ara­ly­ga gi­den­di­gi­ni anyk­lap­dyr­lar.
2003-nji ýyl­dan bä­ri Seý­şel­ler Res­pub­li­ka­syn­da bu jan­dar­la­ryň aw­lan­ma­gy çäk­len­di­ril­ýär. Tä­ze açyş de­ňiz jan­dar­la­ry­ny go­rap sak­la­mak üçin hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň nä­de­re­je­de äh­mi­ýet­li­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Bo­ýy 20 met­re, ag­ra­my 20 ton­na ýet­ýän bu jan­dar­lar şeý­le ulu­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, plank­ton­lar hem-de örän ow­nuk de­ňiz jan­dar­la­ry bi­len iý­mit­len­ýär.
Yl­my bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da­ky ma­ka­la «Oryx» (The In­ter­na­tio­nal Jo­ur­nal of Con­servation) žur­na­lyn­da çap edil­di.

Serdar Agamyradow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.