25-nji martda XIX asyryň meşhur türk suratkeşi Osman Hamdi Beýiň 1891-nji ýylda çeken suraty Londonda satuwa çykaryldy. Häzire çenli Pensilwaniýa uniwersitetiniň kolleksiýasynda saklanan “Metjidiň gapysynda” atly eser “Bonhams” auksion öýi arkaly 3,67 million funt sterlinge satyldy. Eser Osmanly hem-de Günbatar usullarynyň bilelikde ulanylyp döredilmegi sebäpli gymmatly hasaplanýar. Surat ululygy babatda hem tapawutlanýar. 208 x 109 santimetr ölçegindäki kartina örän jikme-jik suratlandyrylypdyr. Suratda Bursa şäherindäki Muradiýe metjidiniň esasy girelgesi çekilipdir.
Auksion öýüniň XIX asyrlara degişli suratlar boýunça direktory Çarls O’Brýen kartina “Döwrebap sungatyň XV asyryň binagärligi bilen birleşýän ajaýyp nusgasy” diýip baha berdi. Eser 1895-nji ýylda awtoryň özünden satyn alnypdyr.
Awtoryň “Ýaş zenan okaýarka” atly eseri 2019-njy ýylda 6,6 million funt sterlinde satylypdy. Geçen ýylyň aprelinde bolsa, “Kofe taýýarlamak” atly kartinasy 1 million funt sterlingden gowrak bahadan satylypdy.
PDF









