XIX asy­ryň meş­hur türk su­rat­ke­şi Os­man Ham­di Be­ýiň 1891-nji ýyl­da çe­ken su­ra­ty Lon­don­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Hä­zi­re çen­li ABŞ-nyň Pen­sil­wa­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň kol­lek­si­ýa­syn­da sak­la­nan «Met­ji­diň ga­py­syn­da» at­ly kar­ti­na «Bon­hams» auk­si­on öýi ar­ka­ly 3,67 mil­li­on funt ster­lin­ge sa­tyl­dy. Eser Os­man­ly hem-de Gün­ba­tar usul­la­ry­nyň bi­le­lik­de ula­ny­lyp dö­re­di­len­di­gi üçin gym­mat­ly ha­sap­lan­ýar. 208×109 san­ti­metr öl­çeg­dä­ki kar­ti­na ulu­ly­gy ba­bat­da hem ta­pa­wut­lan­ýar. Su­rat­da Bur­sa şä­he­rin­dä­ki Mu­ra­di­ýe met­ji­di­niň esa­sy gi­rel­ge­si su­rat­lan­dy­ry­lyp­dyr.
Auk­si­on öýü­niň XIX asyr­la­ra de­giş­li su­rat­lar bo­ýun­ça di­rek­to­ry Çarls O’Brýen bu kar­ti­na «Döw­re­bap sun­ga­tyň XV asy­ryň bi­na­gär­li­gi bi­len bir­leş­ýän aja­ýyp nus­ga­sy» di­ýip ba­ha ber­di. Eser 1895-nji ýyl­da aw­to­ryň özün­den sa­tyn al­nyp­dyr.
Os­man Ham­di Be­ýiň «Ýaş ze­nan oka­ýar­ka» at­ly ese­ri 2019-njy ýyl­da 6,6 mil­li­on funt ster­lin­ge sa­ty­lyp­dy. Ge­çen ýy­lyň ap­re­lin­de bol­sa, «Ko­fe taý­ýar­la­mak» at­ly kar­ti­na­sy 1 mil­li­on funt ster­ling­den gow­rak ba­ha­dan sa­tyl­dy.

Annaoraz Orazow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.