2012-nji ýylyň 6-njy awgustynda NASA-nyň “Curiosity” atly enjamy Marsdaky Geýl krateri atly ýere gondurylýar. Awtoulag ululygyndaky alty tigirli robot 2011-nji ýylyň 26-njy noýabrynda uçurylýar. Enjam 8 aýa golaý wagtyň dowamynda 560 million kilometr ýol geçýär. NASA Marsy öwrenmek üçin köp ýyldan bäri Gyzyl planeta dürli enjamlary uçurdy.
Aerokosmos edarasy ilkinji gezek 1976-njy ýylda “Viking” atly enjamy Marsa gondurýar. Ilkinji Mars roboty “Sojourner” bolsa, 1997-nji ýylyň 4-nji iýulynda goňşy planeta gondurylýar. 2021-nji ýylyň 17-nji fewralynda bolsa, “Perseverance” marsohody şowly ýagdaýda Gyzyl planeta gonýar. Bu enjamlar Marsy öwrenmekde we geljekde ol ýere adamly syýahatlary guramakda zerur boljak gymmatly maglumatlary toplamaga mümkinçilik berýär.