Portugaliýanyň çempionaty “Primeira Liganyň” 92-nji möwsümine şu gijeki “Kaza Pia” bilen soňky çempiony “Sportingiň” arasyndaky duşuşyk bilen badalga berler. Ýewropada öňdäki 10-luga girýän çempionatlaryň biri bolan Portugaliýanyň ligasynda çempionat esaslandyrylanyndan bäri esasy 3 topar – Lissabonyň “Sporting” hem-de “Benfika” klublary, şol sanda “Porto” topary çempionlygyň esasy dalaşgärleri hasaplanýar.

Çempionatda 18 klub bolup, olaryň 4-sinden galanynyň tälimçisi ýerli hünärmenlerdir. Italiýaly Françesko Farioli (“Porto”), gresiýaly Sotris Silaidulos (“Rio Awe”), ispaniýaly Karlos Wisens (Braga), şotlandiýaly Iýn Katro (“Eştoril”) daşary ýurtly tälimçilerdir.

18 klubuň 6-sy – “Alwerka”, “Eştoril”, “Eştrela”, “Benfika”, “Kaza Pia”, “Sporting” toparlary Lissabon okrugyna degişli bolup, olaryň soňky 3-si paýtagt şäheriniň wekilleridir. 5 klub – “Braga”, “Famalikao”, Žil Wisente”, “Moreirense”, “Witoriýa” toparlary Braga okrugynyň, 3 klub – “Porto”, AWS, “Rio Awe” toparlary-da Porto okrugynyň adyndan çykyş ederler.

“Farense” bilen federasiýa tarapyndan aşaky liga düşürilen “Boawişta” klublarynyň ornuna “Tondela” bilen “Alwerka” ýokary liga çykdy.

SPORTING. Soňky çempion “Sportingiň” iň esasy ýitgisi ýyldyz hüjümçisi Wiktor Gýokereş bolup, ol Arsenal toparynyň düzümine goşuldy. Topar ýene bir oýunçysyny, Dario Essugo-da “Çelsi” klubuna ugratdy. Soňky 2 ýylyň çempiony düzümine Luis Suares, Koçoraşwili, Santos, Rui Silwa ýaly oýunçylary goşdy. Rui Boržeşiň tälimçiligindäki topar bassyr 3-nji, umumylykda 22-nji çempionlygy üçin göreşer.

BENFIKA. Yzly-yzyna 2 möwsümde çempionaty “Sportingden” soň 2-nji orunda tamamlan “Benfika” toparynyň Di Mariýa, Aktürkoglu, Kökçü, Karreras, Kabral ýaly oýunçylary başga klublara transfer boldy. Olaryň öwezine Samuel Dal, Obrador, Dediç, Barreneçea, Rio, Iwanowiç ýaly oýunçylary transfer eden paýtagtlylar çempionlygy bu gezek aldyrmazlyk üçin göreşerler. Bruma, Pawlidis, Otamendi ýaly oýunçylaryna bil baglaýan Bruno Lageniň şägirtleri Çempionlar Ligasyna-da gatnaşmagy maksat edinýär.

PORTO. Soňky 2 möwsümi esasy bäsdeşlerinden yza galan “Porto” klubunda toparyň tälimçiligi italiýaly ýaş hünärmen Françesko Fariolä ynanyldy. Gonsalu Boržeş, Otawio, Žoao Mario, Konseýsau ýaly oýunçylaryny topardan ugradan klub 3 möwsümden bäri çempionlyk gazanyp bilenok. Topar dowam edýän transfer möwsüminde Weiga, Saýns, Froholdt, Koşta, Bednarek, Luuk de Ýong ýaly oýunçylary düzümine goşdy.

PRIMEIRA LIGA 2025/26 MÖWSÜMINIŇ TOPARLARY
KLUBLAR
ŞÄHERI
STADIONY-TOMAŞAÇY
TÄLIMÇI
Alwerka
Alwerca-du-Ribatežu
Complexo Desportivo FC Alverca - 7 705
Kustodio Kastro
Aroka
Aroka
Estadio Municipal de Arouca - 5 600
Wasko Seabra
AWS
Wila-daş-Awiş
Estadio do CD Aves - 6 230
Žoze Mota
Benfika
Lissabon
Estadio da Luz - 68 100
Bruno Lage
Braga
Braga
Estadio Municipal de Braga - 30 286
Karlos Wisens (Ispaniýa)
Kaza Pia
Lissabon
Estadio Municipal de Rio Maior - 7 000
Žoao Pereira
Eştoril
Eştoril
Estadio Antonio Coimbra da Mota - 5 094
Iýn Katro (Şotlandiýa)
Eştrela
Amadora
Estadio Jose Gomes - 9 288
Žoze Augusto Fariýa
Famalikao
Wila-Nowa-de-Famalikao
Estádio Municipal 22 de Junho - 5 186
Hugo Oliweira
Žil Wisente
Barseluş
Estadio Cidade de Barcelos - 12 046
Sezar Peişoto
Moreirense
Moreira-de-Koneguş
Estadio Parque Moreira de Conegos - 6 150
Wasko Botelo da Kosta
Nasional
Funşal
Estadio da Madeira - 5 200
Tiago Margarido
Porto
Porto
Estadio do Dragao - 50 033
Françesko Farioli (Italiýa)
Rio Awe
Wila-du-Kondi
Estadio dos Arcos - 5 300
Sotris Silaidulos (Gresiýa)
Santa-Klara
Ponta-Delgada
Estadio de Sao Miguel - 12 500
Wasko Matos
Sporting
Lissabon
Estadio Jose Alvalade - 50 095
Rui Boržeş
Tondela
Tondela
Estadio Joao Cardoso - 5 000
Luis Pinto
Witoriýa
Gimaraýnş
Estadio D. Afonso Henriques - 30 029
Luis Freire