Ispaniýanyň çempionaty “La Liganyň” 95-nji möwsüminde-de 3 topar – “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Atletiko Madrid” çempionlygyň esasy dalaşgäri bolar.
13 toparyň tälimçisi ýerli hünärmenler bolup, 7 klub legionerler tarapyndan türgenleşdirilýär. Legionerleriň 3-si argentinaly bolup, galanlary italiýaly, çilili, horwatiýaly hem-de germaniýaly tälimçilerdir.
Çempionatdan Madrid şäherinden 3, welaýaty goşanyňda-da 4 topar, şol sanda Walensiýadan, Barselonadan, Sewilýadan 2 klub çykyş eder. Dünýäniň iň esasy duşuşygy hasaplanýan “El Klasiko”, şol sanda Madrid, Bask, Katalunýa, Walensiýa, Andalusiýa derbileri esasy garaşylýan oýunlar bolar.
“Lewante” 3, “Elçe” 2 ýyldan soň “La Liga” gaýdyp geldi. Meşhur futbolçy Santi Kasorlanyň çykyş edýän “Owiedo” topary bolsa pleý-off duşuşygynda “Mirandesi” ýeňip, 24 ýyldan soň “La Ligada” çykyş etmäge hukuk gazandy.
BARSELONA. Käbir oýunçylaryny resmi hasaba almakda (maliýe pleý-off düzgüni sebäpli) kynçylyk çekýän “Barselona” muňa garamazdan, çempionlygyň esasy dalaşgäri hasaplanýar. Hansi Fligiň toparynyň düzümine Reşford goşuldy. Umumylykda geçen ýylky düzümini goramagy başaran toparyň janköýerleri Ýamal, Lewandowski, Pedri, Rafinýa ýaly ýyldyzlaryna uly ynam bildirýär.
REAL MADRID. Topardaky iň uly üýtgeşiklik Karlo Ançelottiniň gitmegi bolup, onuň ornuna Habi Alonso wezipä bellendi. Mbappe, Winisius, Walwerde, Arda Güler ýaly oýunçylaryna bil baglaýan paýtagtlylar Hýoýsen, Aleksander-Arnold, Karreras, Mastantuono toparyň täze transferleridir.
ATLETIKO. Paýtagtyň beýleki esasy topary soňky gezek 2021-nji ýylda çempion bolupdy. 14 ýyldan bäri Diego Simeoneniň tälimçiligindäki topar 9 futbolçyny düzümine goşdy. Korrea, Witsel, Lino, Lemar, De Paul ýaly oýunçylar bolsa topardan gitdi.
I TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARY
15-nji awgust (anna) Žirona – Raýo Wallekano (22:00) Wilýarreal – Owiedo (00:30) 16-njy awgust (şenbe) Alawes – Lewante (20:00) Malýorka – Barselona (22:30) Walensiýa – Real Sosiedad (00:30) 17-nji awgust (ýekşenbe) Selta – Hetafe (20:00) Atletik – Sewilýa (22:30) Espanýol – Atletiko (00:30) 18-nji awgust (duşenbe) Elçe – Betis (00:00) 19-njy awgust (sişenbe) Real Madrid – Osasuna (00:00)
Alawes |
Witoria-Gasteis |
Mendizorrotza - 19 840 |
Eduardo Koudet (Argentina) |
Atletik |
Bilbao |
San Mames - 53 289 |
Ernesto Walwerde |
Atletiko |
Madrid |
Metropolitano - 70 460 |
Diego Simeone (Argentina) |
Barselona |
Barselona |
Camp Nou - 105 000 |
Hansi Flik (Germaniýa) |
Selta |
Wigo |
Balaidos - 24 870 |
Klaudio Hiraldes |
Elçe |
Elçe |
Martinez Valero - 31 388 |
Eder Sarabiýa |
Espanýol |
Barselona |
RCDE Stadium - 42 260 |
Manolo Gonzales |
Hetafe |
Hetafe |
Coliseum - 16 500 |
Hose Bordalas |
Žirona |
Žirona |
Montilivi - 14 624 |
Miçel |
Lewante |
Walensiýa |
Ciutat de Valencia - 26 354 |
Hulian Kalero |
Malýorka |
Palma |
Mallorca Son Moix - 23 142 |
Ýagoba Arrasate |
Osasuna |
Pamplona |
El Sadar - 23 576 |
Alessio Lisçi (Italiýa) |
Raýo Wallekano |
Madrid |
Vallecas - 14 708 |
Inýigo Peres |
Betis |
Sewilýa |
La Cartuja - 70 000 |
Manuel Pellegrini (Çili) |
Real Madrid |
Madrid |
Santiago Bernabeu - 83 186 |
Habi Alonso |
Owiedo |
Owiedo |
Carlos Tartiere - 30 500 |
Welko Paunowiç (Horwatiýa) |
Real Sosiedad |
San Sebastian |
Anoeta - 39 313 |
Serhio Fransisko |
Sewilýa |
Sewilýa |
Ramon Sanchez-Pizjuan - 43 883 |
Matias Almeýda (Argentina) |
Walensiýa |
Walensiýa |
Mestalla - 49 430 |
Karlos Korberan |
Wilýarreal |
Wilýarreal |
La Ceramica - 23 008 |
Marselino |