26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken ynsanperwer Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasyny dabaralandyran çärede çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň iň öňdäki orundadygyny, raýatlaryň erkana, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler.
Dabaranyň dowamynda bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugur ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyz we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny toýlaýan günlerimizde 146 sany daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň berilmegi asylly ynsanperwer işleriň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli we üstünlikli dowam etdirilýändigini äşgär edýär.
Çäräniň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda ynsanperwer syýasatlary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
PDF








