Şotlandiýanyň Liga Kubogy ýaryşynyň finalynda “Sent-Mirren” bilen “Seltik” toparlary duşuşdy. Glazgo şäherindäki “Hampden Park” stadionynda oýnalan finala “Sent Mirren” topary 2-nji minutda Freýzeriň tapawutlanmagynda gol bilen başlady. Duşuşygyň 23-nji minutda “Seltik” Haýuganyň takyk urgusy bilen hasaby deňlese-de, “Sent-Mirren” 2-nji ýarymda has erjel oýun görkezdi. 64-nji we 76-njy minutlarda Aýunga tapawutlanyp, “Sent-Mirren” topary 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu olaryň şu ýaryşdaky 2013-nji ýyldan soň 2-nji ýeňşi boldy. Umumylykda Peýsli şäheriniň wekili 148 ýyllyk taryhynda uly ýaryşlary hasaba alanyňda, 5-nji kubogyny gazandy. Toparyň beýleki 3 uly kubogy Şotlandiýanyň Kubogy ýaryşynyň ýeňşidir.
PDF









