Awstraliýanyň paýtagty Kanberradaky Milli botanika bagyndaky «titan arum» ösümligi 15 ýyldan soňra gül açdy. Ylmy ady «amorphophallus titanum» bolan bu ösümlik örän seýrek gülleýär we gül açan wagty ýakymsyz ys ýaýradýar. Ösümlik tebigy ýagdaýda Indoneziýada, Günbatar Sumatranyň tropik tokaýlarynda bitýär. Alymlar tebigatda bu ösümligiň sanynyň müňden hem azdygyny belleýärler.
«Titan arum» tebigy şertlerde 7-10 ýyl aralygynda gül açýar. Açylan gül birnäçe gün ýapylman durýar. Geçen aý Awstraliýanyň Sidneý şäherinde hem şeýle ösümlik gülläpdi. Ösümligiň güli üç metre çenli bolup, daşy goýy ýaşyl, içi goýy gyzyl bolýar.
Indira Rejepowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.