Angliýanyň Kembrij şäherinde bir jaýyň goşlary satyljak wagty ýüze çykan kartinanyň meşhur suratkeş Salwador Daliniňkidigi belli boldy.
Eýasi bu suraty 150 funt sterlinge satyn alypdyr. Bu eseriň üstünden 2023-nji ýylda barlypdyr. Emma onuň ispan suratkeş Dalwador Dalä degişlidigi indi belli boldy. Bilermenler eseriň 30 müň funt sterlinge satylyp bilinjekdigini çaklaýarlar.
“Vecchio Sultano” (Öňki Soltan) atly eser doly çekilip gutarylmandyr. Awtor Ýakyn Gündogar medeniýetiniň halk ertekileri bolan “Müň bir gije” eserinde degişli jemi 500 surat çekmegi meýilleşdiripdir. Emma onuň diňe 100 sanysyny çekip gutarypdyr. Bu taslamany suratkeşden italýan kolleksiýaçylar är-aýal Juseppe we Mara Albarettolar sargyt edipdir. Emma taslama doly tamamlanmandyr.
Çekilip gutarylan 100 eseriň 50-si bolsa, ýitipdir. Alberto maşgalasynyň mirasdüşerinde saklanyp galan eserleriň ählisi 2016-njy ýylda neşir edilipdir.
Hakykydygy anyklanan eseriň 23-nji oktýabrda auksiona çykarylar.