Awstraliýada 16 ýaşdan kiçilere degişli bolan jemgyýetçilik torundan peýdalanmak baradaky gadagançylyk has-da giňeldildi. Ýurduň Premýer-ministri Entoni Albaniz awstraliýaly çagalaryň internet platformalarynyň täsirinde galýandyklaryna ünsi çekip, jemgyýetçilik tory kompaniýalaryna jemgyýetiň öňündäki borçlaryny ýatlatdy.
Dekabr aýynda güýje girjek karar çagalara “YouTube” platformasyny ulanmagy hem çäklendirýär. Geçirilen pikir soralyşyklarda Awstraliýadaky 13-15 ýaş aralygyndaky çagalaryň dörtden üçüne golaýy bu platformadan peýdalanýar. Täze düzgüne görä 16 ýaşdan kiçilere “YouTube”-da akkaunt açmak gadagan bolar. Emma ene-atalar we mugallymlar çagalar wideo görkezmek üçin bu platformadan peýdalanyp biler.